- äwmezek
- Howlukmazak, howlukmaýan, gyssanmazak, gyssanmaýan, alňasamazak, alňasamaýan; agyr, agras (adam).∙ Iň sabyrly, iň giň, belli äwmezek, Adamlar hem häzir sagada bakýar. (G. Seýitliýew, Saýlanan eserler)∙ Äwmezek diýýärmiň, seržant?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ýaňky daýaw garry öňki äwmezek-alňasamazak hereketi bilen guşagyna gysdyrylgy biz haltany aldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem äwmezek - äwmezegi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.